Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Pogonuny özi ýyrtan PÝGG işgäri "wezipesinden boşadyldy"

Sosial torlarda ýol polisiýa işgäriniň lybasyndaky pogonyny özi goparýan wideosy giňden ýaýrandan soň, sürüjä muny etmekde töhmet atan ofiseriň wezipesinden boşadylandygy barada maglumat gowuşýar. Bu barada Azatlygyň diňe bir çeşmesi habar berip, muny häzirlikçe resmi we näresmi ýagdaýda tassyklatmak başartmady.


Şu aýyň başynda türkmen internet ulanyjylarynyň arasynda Polisiýanyň Ýol Gözegçiligi Gullugynyň (PÝGG) bir işgäriniň lybasyndaky pogonuny, ýagny eginligini özi ýyrtyp, soňy bilen muny etmekde sürüjiniň üstüne töhmet atýan wideosy giňden paýlaşyldy. Wideoda hadysanyň anyk haçan we nirede düşürilendigi aýdyňlaşdyrylmaýar.


Bu waka barada ilki habar berlende, dünýäniň iň bir ýapyk döwletleriniň biri bolan Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak başartmandy.




Azatlygyň bir çeşmesi munuň bilen bagly käbir jikme-jikleri, şol sanda töhmet atýan polisiýa işgäriniň mümkin soňky ykbalyny öwrenmegi başardy. Bellesek, bular häzirlikçe diňe bir çeşmäniň maglumaty bolup dur.


Çeşmämiz hadysanyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýüze çykandygyny anyklady.


Ol şahsyýeti aýdyňlaşdyrylmaýan ofiseriň göz-görtele sürüjä töhmet atyşy aýan bolandan soňra, onuň PÝGG-niň düzüminden çykyp, Içeri işleri ministrligiň garamagyndaky Lebap boýunça Ýangyn howpsuzlyk gullugyna işe geçendigini aýtdy.


“[Lebapda] polisiýa işgärleri jenaýat jogapkärçiligini göz öňünde tutmaýan etmişlerde günäli tapylsalar, olar soňy bilen aglaba ýagdaýda Ýangyn howpsuzlyk gullugyna işe geçýärler. Bu elbetde paranyň öwezine edilýär. Emma öz pogonyny özi goparan ofiser, bir aýa ýetmän bu gullukdan hem boşadyldy. Muňa wideonyň hasam köp ýaýramagy we ilatyň arasynda ýol polisiýasynyň eden-etdiliklerine nägilelikleriň köpelmegi sebäp boldy” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran çeşmämiz belledi.


Ol wezipesinden boşadylandygy aýdylýan öňki ofiseriň häzirki iş şertlerini anyklap bilmedi.




Mundan öň garaşsyz turkmen.news neşiri, öz çeşmelerine salgylanyp, öz eginligini goparýan ofiseriň ‘sahnalaşdyrýan oýnuny’ ýazgy eden raýatlaryň, munuň üçin 15 gije-gündiz tussaglyga höküm edilendigini mälim etdi.


Neşir 6-njy iýunda çap eden habarynda ulagyň içindäki bäş adamyň ählisiniň hem jogapkärçilige çekilendigini, ýöne olara resmi ýagdaýda bildirilen aýyplamanyň doly anyk däldigini nygtaýar. Ýöne çykarylan administratiw jogapkärçiliginiň asyl sebäbiniň Internetde ýaýran wideonyň sebäp bolandygy bellenilýär.


Azatlyk bu maglumaty hem sebitiň kanun goraýjy edaralaryna tassykladyp bilmedi.


Emma çeşmämiziň soňky habarynda saklanan ulagyň sürüjisiniň häzir azatlykdadygy we onuň taksiçilik bilen meşgullanmagyny dowam etdirýändigi aýdylýar.


Türkmenistanyň Ýol gözegçiligi gullugy ýurduň çäginde köçe-ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegini gazanmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly jogapkärçilikleri öz üstüne alýar.


Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýol polisiýasynyň dürli bahanalar bilen sürüjilerden jerime ýygnamak işleri bilen meşgul bolýandyklaryny, olaryň ýol kenarlarynda kä bukulyp, kä ýoluň üstünde awtoulag awlamak bilen meşgul bolýandyklaryny habar berip gelýärler.


Bellesek, gürrüň gidýän ‘töhmetli’ wideonyň Internetde paýlaşylan döwrüne gabat, sosial torlarda, hususan-da YouTube ulgamynda sürüjileriň ýol polisiýa işgärleri bilen gürrüňdeşliklerinde, öz hak-hukuklaryny talap edýändigini görkezýän başga-da seýrek wideolar peýda boldy.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России