Pompeo Demirgazyk Koreýa gepleşikleriniň “netijeli” bolandygyny aýdýar
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Phenýanda Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglaryndan saplanmagynyň wagtyny kesgitlemek boýunça geçirilen iki günlük gepleşikleriň “netijeli” bolandygyny aýtdy. Pompeo Demirgazyk Koreýanyň ýokary derejeli resmisi Kim Ýong Çol bilen “gowy ynanyşmak ýagdaýynda” geçirilen gepleşikleriň käbir ugurlarda “örän uly öňegidişlik” döredendigini belledi. "Meniň pikirimçe, biz öz ara alyp maslahatlaşan meselelerimiziň her bir elementinde progres gazandyk” diýip, döwlet sekretary Tokiýo tarap uçanda aýtdy. Читать дальше...