Owganystan: Janyndan geçeniň bombaly hüjüminde 20 adam öldi
Owganystanyň demirgazygynda janyndan geçen bombaçynyň amala aşyran hüjüminde 20 adam, şol sanda “Talybanyň” komandiri öldi diýip, 17-nji iýulda owgan resmileri aýtdylar. Sar-i-Pul welaýat polisiýasynyň başlygy Abdul Kaýum Bakizoýyň aýtmagyna görä, bu hüjüm oba ýaşululary bilen “Talyban” resmileriniň duşuşan mahaly amala aşyryldy. Bu hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady, emma Bakizoý munuň arkasynda “Yslam döwleti” toparynyň bardygyny aýdýar. Soňky günlerde demirgazyk... Читать дальше...