Lebapda mallaryň gymmatçylygy gurbanlyk bermek isleýänleriň sanyny çäklendirýär
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Gurban baýramynyň öň ýanynda, adatdakydan daşary iri we ownuk şahly mallar satuwa çykarylyp başlandy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary etraplaryň arasyndaky uly ýollaryň ugrunda we käbir hojalyklarda satylýan bu mallaryň köp maşgala üçin gymmada düşýändigini habar berýärler. "Häzirki wagtda etraplara we obalara gidilýän uly ýoluň ugrunda, uly bortly ulaglaryň içinde diri mallar satylyp başlandy. Bu goýunlar gaty arryk bolup, 10 kilogram töweregi et berjek goýunlar 1000 manat bahalanýar. Читать дальше...