Türkmen metbugaty haj zyýaratçylarynyň gaýdyp gelenini habar berdi
Türkmenistanyň döwlet habar agentligi ýurduň haja giden zyýaratçylarynyň gaýdyp gelendigini 30-njy iýulda habar berdi. Resmi habarda prezidentiň buýrugna laýyklykda, ýurduň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden bolan 275 adamyň “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan guralan ýörite uçarda Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylandygy aýdylýar we Medinä hem Mekkä barandygy habar berilýär. TDH-nyň 30-njy iýulda çap eden habarynda zyýaratçylaryň gaýdyp gelen senesi agzalmaýar. Mundan öň Türkmenistandan... Читать дальше...