Şri-Lankanyň prezidenti ýurtdan gaçyp, 13-nji iýulda, işinden çekilmegi wada beren gününde Maldiw adalaryna geldi.
Gotabaýa Rajapaksa, ýurtdaky ykdysady krizisiň çuňlaşmagyna garşy dowam eden nägileliklerden soň, “häkimiýetiň parahatçylykly geçirilmegine ýol arçamak üçin”, wezipesinden çekiljekdigini aýdypdy.
Prezident onlarça müň protestçi Kolombadaky rezidensiýasyny basyp almazyndan biraz öň öz ýasaýan jaýyndan gaçyp çykmaga mejbur boldy.
73 ýaşly Rajapaksa prezident wezipesinde bolsa, tussag edilmezlik hukugyna eýe bolmagynda galýar. Читать дальше...