Türkmenistanda howanyň temperaturasynyň aşa gyzmagy bilen, paýtagt Aşgabadyň ençeme ýaşaýyş sebitiniň agyz suw üpjünçiliginde ýene-de bökdençlikler ýüze çykdy.
“Şu gün, ýagny 18-nji iýulda ir sagat sekizden bäri Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlarynda düýbünden suw ýok. Häzir eýýäm sagat 17 töweregi bolsa-da, entegem suw berilmedi” diýip, Aşgabadyň ‘Parahat’ etrapçasynyň ýaşaýjylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.
Paýtagtda suwuň, öňünden hiç hili duýduryş berilmezden, kesilendigini Aşgabatdaky ýene bir habarçymyz tassyklady. Читать дальше...