Türkmenabadyň aeroportunda traktoryň tekeriniň ýarylmagy netijesinde bir işgär agyr ýaralandy
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň aeroportunda traktordaky näsazlygy bejerýän bir işgär onuň tekeriniň ýarylmagy netijesinde agyr ýaralandy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan ygtybarly çeşmelerimiz işgäriň iş wagtynda ýaralanmagyna ýolbaşçylaryň "geleňsizliginiň" sebäp bolandygyny aýdýarlar. Çeşmelerimiziň sözlerine görä, waka apreliň ahyrynda, aeroportuň tehniki işgärleri, şol sanda sürüjiler we tam süpürijiler ýowara çykarylanda boldy. "Ähli işgärler aeroportuň daşyndaky baglara ideg etmek üçin ýowara çykaryldy. Читать дальше...