BMG: Pygamberdi Allaberdiýewiň tussag edilmegi halkara hukugynyň bozulmagy boldy
Türkmenistanyň hökümeti ýurist Pygamberdi Allaberdiýewi tussag edip, adam hukuklary boýunça halkara kanunyny bozdy diýip, BMG-niň Eden-etdilikli tussag etmeler boýunça işçi topary höküm çykardy. Bu barada 13-nji maýda “Freedom Now” guramasy mälim etdi. “Biz Pygamberdi Allaberdiýewiň ýalňyşlyk bilen tussag edilendigi baradaky Işçi Toparynyň netijesini gowy garşylaýarys” diýip, düýbi ABŞ-da ýerleşýän hukuk toparynyň ýuridiki offiseri Adam Lhedmat beýanatda belledi. “Allaberdiýewiň türmä höküm edilmegi... Читать дальше...