ABŞ-nyň Özbegistandaky ilçisi sakgala garşy çäreleri ýazgardy
ABŞ-nyň Özbegistandaky ilçisi Deniel Rosenblum kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň musulman ýaşlaryň sakgallaryny syrmaga mejbur edýändikleri baradaky çäresini ýazgardy. “Polisiýa erkekleriň sakgallaryny zor bilen syrdyrýar. Amerika şeýle hereketlerden aladalanýar" diýip, ilçi Daşkentde geçen metbugat konferensiýasynda aýtdy. Eurasianet neşiri Deniel Rosenblumyň sözlerini getirýär. ABŞ-nyň ilçisiniň aýtmagyna görä, Özbegistanda soňky bäş ýylyň dowamynda geçirilen özgertmeleri ýurtda dini azatlyklaryň bozulmagy ýoga çykaryp biler. Читать дальше...