Gagarumlylardan zeýkeşleri gazmak üçin pul ýygnalýar
Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň häkimiýetleri zeýkeşleri gazmak we arassalamak üçin ýaşaýjylardan, şol sanda telekeçilerden we kärendeçilerden pul ýygnaýarlar. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylar, ýygnalýan pullara garamazdan, zeýkeşleriň talaba laýyk gazylmaýandygyny aýdýarlar. Ýagdaýdan habarly çeşmelerimiziň we ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, bu çäre üçin oba ýaşaýjylaryndan pul ýygnamak baradaky karara etrap häkimliginde geçirilen ýygnakda gelindi. Читать дальше...