Maýda azyndan üç türkmen ýigidi daşary ýurtlarda heläk boldy
30-njy maý güni irden Türkmenistanyň bir raýaty Galmygystanda bolan ýol-köçe hadysasynda heläk boldy diýip, “Turkmen.news” neşiri ýerli metbugata salgylanyp habar berýär. Habarda ýene üç adamyň ýaralanandygy, olaryň ikisiniň huşsuzdygy aýdylýar. Olaryň ählisi galmygystanyň döwlet uniwersitetinde okaýan eken. Neşir bir aýyň içinde türkmenistanly ýaşlaryň daşary ýurtlarda azyndan üçüsiniň pajygaly ýagdaýda aradan çykandygyny habar berýär. 5-nji maýda Leningrad sebitiniň Tihwin şäher häkimliginiň... Читать дальше...